Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti
Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk
güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda döwletara
gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam
bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.