Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine
ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine
Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2025-nji ýylyň
birinji ýarymynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny
üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek maksady bilen
görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, harby gulluga
çagyrmak çäresiniň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini
gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goranyş
häsiýetli Harby doktrinasy hem-de häzirki zaman talaplary esasynda ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden başlap
gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministrine dabaraly harby ýörişi ýokary derejede geçirmek
üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Baş prokuror
B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri, döwlet
Baştutanymyzyň ähli ulgamlarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala
aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri öz wagtynda aradan aýyrmak
maksady bilen görlen anyk çäreler, sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine berk
gözegçilik etmegiň, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri
yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe
tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow
ýustisiýanyň geňeşçisi B.Gurbangulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurorynyň
orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak we bu wezipä
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi M.Sapargulyýewi belläp, ony Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşatmak hakynda degişli resminama
gol çekdi.
Soňra içeri işler
ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik
tertibini saklamak, paýtagtymyzyň, welaýatlaryň ýollarynda ýol-ulag
hadysalarynyň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ilatyň arasynda, edaralarda we guramalarda ýangyn
howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň
geçirilişine uly üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmek, hukuk
hem-de düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça içeri işler edaralary
tarapyndan alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň zerurdygyny
aýtdy. Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminde howanyň gyzmagy bilen
baglylykda, ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda alnyp
barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhüm ähmiýetini nygtap,
ministre bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň
başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň
ulanmak arkaly kazyýet işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli
maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň netijeli
işlemekleri we göwnejaý ýaşamaklary üçin döredilýän şertler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini goramak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de Ýokary kazyýetiň
başlygyna raýatlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde
saklamagy, kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini has-da
ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Milli howpsuzlyk
ministri N.Atagaraýew 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň
netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak, jemgyýetde durnuklylygy üpjün etmek
boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler, ýolbaşçylyk edýän ministrligini
ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi
barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli howpsuzlygymyzy
ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň
möhümdigini belledi we ministre birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet
gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty
aýynda ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak,
serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy
üçin zerur şertleri döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň serhediniň goňşy ýurtlar
bilen dostlukly gatnaşyklaryň daýanjy bolmalydygyny nygtap, gullugyň
ýolbaşçysyna Türkmenistanyň döwlet serhedinde asudalygy üpjün etmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Adalat ministri
M.Taganow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly teklipleri
taýýarlamak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk
edýän düzümlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, hormatly Prezidentimiziň ozal
beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa
geçirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzüm tarapyndan milli
kanunçylyk ulgamyny halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we ministre bu
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük
gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda amala
aşyrylan işleriň netijeleri, gullugyň öňünde durýan wezipeleri ýerine
ýetirmekde döwrebap iş usullaryny, iň täze tehnologiýalary işjeň ulanmak
boýunça görülýän çäreler, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak
boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini amala
aşyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň, gümrük
işinde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we degişli
tabşyryklary berdi.
Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem gullugyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen
çäreler, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we
gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyzda migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişini,
gullugyň işini kämilleşdirmek, migrasiýa babatda ýokary hilli hyzmatlary amala
aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň diňe goranyş
häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz,
hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary
derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan
goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we
bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.