milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy
13 sagat öň 15 Habarlar

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy.

Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň geňeşçisi forumy açyp, hormatly Prezidentimiziň şu maslahata gatnaşmagynyň onuň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny belledi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň birinji orunbasary Jiorjio Sillä söz berildi. Ol Merkezi Aziýa sebitinde Italiýanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm strategik ornuny belledi hem-de ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleriniň, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işjeň tagallalarynyň we maýa goýum syýasatynyň italýan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaklary üçin amatly şertleri döredýändigini nygtady.

Soňra çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, bu möhüm forumda çykyş etmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, italýan kompaniýalarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylaryny, ähli foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzüminiň Türkmenistana artýan gyzyklanmanyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylmanyň subutnamasy hökmünde kabul edilýändigini belledi.

Göni işewürlik dialogy arkaly türkmen-italýan gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna kuwwatly itergi bermegi, dünýäniň geoykdysadyýetinde häzirki zaman meýilleri, bilelikdäki mümkinçiliklerimizi göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin anyk şertleri döretmegi şu günki duşuşygyň esasy maksady hökmünde görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we munuň üçin şu gün ähli mümkinçilikleriň bardygyna berk ynam bildirdi.

Ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet bermek bilen, milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge täze itergi bermek bu syýasatyň esasy maksatlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüş üçin ileri tutulýan ugurlary we strategik maksatlary barada durup geçdi.

Birinjisi: senagat jemgyýetiniň döredilmegi. Biz ykdysadyýetiň çig mala esaslanýan nusgasyndan senagat nusgasyna geçmek, ýokary tehnologiýaly we ylmy talap edýän önümçilikleri ornaşdyrmak, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek boýunça döwrebap kärhanalary gurmak, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ýapyk aýlawly “ýaşyl” ykdysadyýeti döretmek arkaly milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmäge girişdik.

Ikinjisi: ykdysadyýeti düzümleýin, şeýle hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak. Gürrüň täze pudaklary döretmek ýa-da bar bolanlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada barýar. Himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda we birnäçe beýleki ugurlarda oňat netijeler gazanyldy.

Türkmenistan täze daşarky bazarlara çykýar, Ýewropadaky we Aziýadaky hyzmatdaşlar bilen kooperasiýany ösdürýär. Munuň özi döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny döretmegi, ýurdumyzy Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň merkezleriniň birine öwürmegi göz öňünde tutýar. Bu biziň yzygiderli durmuşa geçirýän üçünji strategik maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň tebigy gazy gaýtadan işlemegi, eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça doly derejeli milli pudagy döretmegi dördünji strategik maksat hökmünde görýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, şol sanda günbatar ugry boýunça iri turba geçirijileri gurmagyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýdyp, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokarda beýan edilen meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň bu işlerde italýan işewürliginiň hem mynasyp orun almagyny isleýändigini we munuň üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, köp ýyllardan bäri italýan işewürleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, myhmanhana ulgamynda iş alyp barýarlar, gurluşyk we söwda ulgamlarynda birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýan «Eni» öňdebaryjy italýan nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Italýan kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary we serişdeleri getirýärler.

Durnukly energetika ulgamynda halkara başlangyçlarymyzyň Italiýa tarapyndan goldanylmagy bu ählumumy meselede iki ýurduň çemeleşmeleriniň ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Energetika howpsuzlygyna biz, ilkinji nobatda, energetika akymlarynyň düzümleýin we geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrylmagy diýip düşünýäris. Türkmenistan energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň bu mesele boýunça italýan hyzmatdaşlar bilen içgin dialoga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň diňe çig malynyň eksporty bilen çäklenmezligini teklip edip, italýan kompaniýalaryny Türkmenistandan Ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamalary maliýeleşdirmäge we olara gatnaşmaga çagyrdy.

Munuň üçin anyk şertler döredilýär. Hususan-da, Hazaryň türkmen kenarýakasynda kuwwaty 1574 megawat elektrik stansiýasy gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýurdumyzyň italýan hyzmatdaşlar bilen Gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça hem işlemäge taýýardygyny aýtdy.

Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Hazar — Ortaýer deňzi geçelgesini döretmäge aýratyn orun berýäris. Geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan hem-de Italiýa bu geçelgäni döretmekde esasy orun eýelärler.

Bu logistika ugrunda Hazaryň gündogar kenarýakasy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda Hazar deňzinde Türkmenistanyň kuwwatly port infrastrukturasy bar we ýurdumyz bu kuwwatlyklaryny günbatar ugry boýunça Hazarüsti ýük daşamalar üçin ulanmak babatda hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde öz orunlaryny pugtalandyrmak isleýän italýan işewür toparlary üçin özüne çekiji bolup biljekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, ulag pudagynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilikler bar.

Dokma senagaty hyzmatdaşlygymyza kuwwatly itergi berjek ulgamlaryň biridir. Şu günki işewürlik maslahatynyň dowamynda bu ulgamda birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda «Marzoli», «Savio», «Cormatex» we beýleki italýan kompaniýalarynyň enjamlarynyň müňe golaýy ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda üstünlikli ulanylýar. Ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň eksportyny giňeltmäge, egin-eşikleri öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmäge, täze bazarlara çykmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýäris.

Umuman, Türkmenistan öz önümleriniň Italiýa iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga, taýýar önümlere aýratyn üns bermek arkaly olaryň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge taýýardyr. Elbetde, biziň söwda gatnaşyklarymyz anyk talaplara hem-de isleglere, özara mümkinçiliklerimize, uzak möhletli işewürlik çaklamalaryna esaslanmalydyr. Şunuň bilen birlikde, işewürlik alyşmalarynyň işjeňleşdirilmegini, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň işewür toparlarynyň we kompaniýalarynyň ýurtlarymyzyň çäginde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmagyny, dürli taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek üçin telekeçileriň özara saparlarynyň guralmagy möhümdir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda bank-maliýe pudagyny hem-de karzlaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu ulgamda Italiýanyň maliýe edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň tejribesine gyzyklanma bildirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Italiýanyň döwlet eksport-karzlaşdyryş agentligi bilen türkmen banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ýurdumyzyň goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Bank ulgamyndan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistan aragatnaşyk, kommunikasiýalar, informatika, kosmonawtika ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlary işjeň ösdürýär. Şunuň bilen birlikde, işiň ähli görnüşlerini, önümçilik we durmuş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, «akylly» şäherleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistan Italiýa özüniň ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar we onuň bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär. Biz häzirki wagtda hyzmatdaşlyk üçin anyk mümkinçilikleriň açylýandygyny görýäris we ähli ugurlar boýunça giňişleýin dialoga taýýardyrys. Şeýle çemeleşme ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de geljegine, şeýle hem dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki zaman meýillerine garaýyşlarda özara düşünişýändigimiz bilen şertlendirilendir.

Men şu günki duşuşyga Italiýanyň işewür toparlary bilen ýurdumyzyň arasynda uzak möhletli söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagyň hem-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Italiýanyň işewür toparlarynyň wekillerini giňişleýin hem-de doly derejeli hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmen-italýan işewürlik forumyna gatnaşyjylara netijeli iş alyp barmagy arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Soňra çykyş etmek üçin italýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna söz berildi. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň şu günki çärä gatnaşmagynyň Italiýanyň işewür jemgyýetçiligi üçin uly mertebedigini, bu günki forumyň geçirilmeginiň bolsa Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze tapgyry alamatlandyrýandygyny bellediler.

«Eni» kompaniýasynyň wekili ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň möhüm ornuny belläp, metan zyňyndylaryny azaltmak we pes uglerodly çözgütleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady hem-de wekilçilik edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň energetika strategiýasyny goldaýandygyny aýtdy.

Stefano Pontekorwo «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirýän ýurdumyza Merkezi Aziýa sebitinde esasy strategik hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi.

«Italferr» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Türkmenistanyň öz ulag infrastrukturasyny işjeň ösdürip, sebitde möhüm logistika merkezine öwrülýändigini aýdyp, demir ýol ulagy we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin Italiýanyň hem-de Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Italiýanyň Jemgyýetçilik radiotelewideniýe kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Geljekki gümrük hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Italiýanyň Gümrük we monopoliýa agentliginiň arasynda Bilelikdäki Jarnama bar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Italiýanyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Soňra işewürlik forumy öz işini «Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň ykdysady hyzmatdaşlygy», «Söwda, dokma we hususy pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri» hem-de «Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam bermek» atly mowzuklaýyn bölümlerde dowam etdi.

Çykyşlarda ýurtlarymyzyň arasynda özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Taraplar iki ýurduň hem mümkinçiliklerini ulanyp, özara haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Energetika we ulag ýaly möhüm strategik pudaklara aýratyn üns berildi. Foruma gatnaşyjylar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem ulag-üstaşyr infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Forumyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen «Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Marzoli Machines Textile S.M.L.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Itema S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «MCS dyeing & finishing machinery» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Savio Maccine Tessili S.p.A» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Pietro Fiorentini S.p.A» italýan kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy.

Şeýlelikde, Türkmen-italýan işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi taraplaryň ýetilen sepgitler bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga taýýardyklaryny görkezdi.