milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
07.12.2023 411 Habarlar

Düýn – 6-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.

Şu gezekki saparyň çäklerindäki gepleşiklerdir duşuşyklaryň iki döwletiň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň ykdysady kuwwatyny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman iki halkyň taryhynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ruhy gymmatlyklarynyň umumydygyny bellediler. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek üçin amatly şertleri döredýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz strategik döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.