Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe
önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
täze, döwrebap önümçiligiň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaranyň geçirilýän
ýerine geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen
garşyladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly
çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabaraly ýagdaýda
täze kärhananyň toý bagyny kesdi. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki howa
şarlary uçuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz kärhananyň çäginde guralan
gurluşyk we senagat toplumynyň sergisini synlady.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow önümhananyň edara binasyna bardy. Bu ýerde hünärmen şu
gün açylyp ulanmaga berilýän täze önümhananyň milli ykdysadyýetimiziň dürli
pudaklaryny gaplyk çüýşe önümleri bilen doly üpjün etmäge ýardam berjekdigini
aýdyp, şeýle döwrebap kärhanada işlemäge döreden giň mümkinçilikleri üçin
döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we önümhananyň işine ak
pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow düwmäni basyp, täze senagat desgasyny işe girizdi. Gaplyk
çüýşe önümlerini öndürýän kärhananyň öz işine başlamagy we önümçiligiň
çylşyrymly tehnologik prosesi wideoşekillerde görkezildi. Soňra Arkadagly
Gahryman Serdarymyz täze kärhananyň barlaghana otagyna bardy. Bu ýerde hünärmen
döwlet Baştutanymyzy onda döredilen şertler bilen tanyşdyrdy.
Bellenilişi ýaly, barlaghanada dünýäniň öňdebaryjy
kompaniýalarynyň ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyryldy. Olarda kärhanada
öndürilýän çüýşe gaplaryň fiziki we himiki barlaglary geçirilýär. Hususan-da, «BTLT-2»
enjamynda çüýşe gaplaryň wertikal basyş çydamlylygy barlanylýar. «Vici vishion»
enjamynda awtomatlaşdyrylan geometrik ölçegi, «Labniks» enjamynda çüýşe
gaplaryň gidrostatik basyş barlagy, «AGR» enjamynda bolsa olaryň sürtülme we
çyzylma barlagy geçirilýär. Barlaghanada bu işleriň alnyp barylmagy önümleriň
ýokary hilini üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz hünärmene işinde üstünlikleri
arzuw edip, önümhana bardy we bu ýerde önümçiligiň tehnologik prosesi bilen
tanyşdy.
Kärhanada önümçilik prosesi erediji peçden başlanýar.
Ýerli kwars çägesinden, hek daşyndan, dolomitden we beýleki goşundylardan
ybarat çig mal 1 müň 500 gradusa ýetýän ýokary gyzgynlykda eredilýär. Soňra
aýna ergini paýlaýjy fider kanallary arkaly önümçiligiň indiki tapgyryna
geçirilýär. Kärhanada şeýle fider kanallarynyň üçüsi ornaşdyrylyp, olaryň her
biri öz önümçilik liniýasyny aýna ergini bilen üznüksiz üpjün edýär. Aýna
ergini fiderlerden çüýşe önümlerini şekile getirýän «IS» enjamlaryna
geçirilýär. Bu ýokary tehnologiýaly enjamlar aýna erginini çişirmek arkaly
dürli göwrümdäki gaplyk çüýşe önümlerini şekile getirýär. «IS» enjamlarynda
şekil berlen önümler sowadyjy peje geçýär. Bu peçler gyzgyn aýna önümlerini
kem-kemden sowatmak üçin ulanylýar. Eger-de önüm dogry we dürs sowadylmasa,
aýnanyň içerki dartgynlylygy zerarly jaýrylmagy mümkin. Sowatma prosesi bu
dartgynlylygy aýryp, önümleriň berk bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada şeýle
peçleriň 3-si ornaşdyrylypdyr. Sowadylan taýýar önüm konweýer lentalary boýunça
hil barlag enjamlaryndan geçýär. Kameralardyr datçikler bilen üpjün edilen bu
enjamlar her önümi awtomatik ýagdaýda hil barlagyndan geçirýär. Hil barlagynyň
ähli tapgyrlaryndan üstünlikli geçen önümler gaplama enjamyna ugradylýar. Bu
ýerde olar awtomatik ýagdaýda gaplanyp, sarp edijilere ugratmak üçin ammarlara
geçirilýär. Ähli tapgyrlaryň doly awtomatlaşdyrylmagy önümçiligiň ýokary
netijeliligini üpjün edýär.
Soňra bu ýerde täze önümhana güwänamalary gowşurmak
dabarasy boldy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Horn Glass
Industries» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Stefan Erwin Meindl
hemmeleri şu günki dabaraly waka mynasybetli gutlap, bu döwrebap zawodyň iň
öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilendigini belledi. Işewür aýna gaplaryň
peýdaly artykmaçlyklary barada aýdyp, täze kärhananyň bir gije-gündiziň
dowamynda ekologik taýdan arassa gaplyk çüýşe önümleriniň 100 tonnasyny
öndürmäge ukyplydygyna ünsi çekdi. Soňra işewür Türkmenistanyň senagat we
gurluşyk önümçiligi ministrine täze kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýa
Federatiw Respublikasynda hereket edýän we halkara derejede kabul edilen
standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.
Soňra çykyş etmek üçin Italiýa Respublikasynyň «Vetromeccanica
Srl» kompaniýasynyň wekili Alessandro Nigro söz berildi. A.Nigro Türkmenistanyň
senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine çüýşe önümlerini öndürýän önümhanada
gurnalan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw we howpsuzlyk taýdan halkara
standartlaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany
dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Şeýle-de önümhana Italiýanyň «Bottera»
kompaniýasynyň halkara standartlaryna laýyk gelýän toplumlaýyn dolandyryş
ulgamynyň ornaşdyrylandygyny tassyklaýan güwänamanyň gowşurylýandygy yglan
edildi.
Soňra hormatly Prezidentimize senagat we gurluşyk
toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
...Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmen aýna önümleri»
kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny
gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli
ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek
hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Ynha, bu
gün bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen çüýşe önümlerini
öndürýän täze önümhana dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Döwrebap senagat
desgasynyň açylyş dabarasynyň dowam edýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz
dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda
täze Döwletli mekan obasynyň, Kaka etrabynda Bagtly zamana obasynyň, Daşoguz
welaýatynyň Köneürgenç etrabynda bolsa Bitaraplyk şäherçesi bilen birlikde
döwrebap awtomobil köprüsiniň ulanmaga beriljekdigini, şeýle-de paýtagtymyzda
döwrebaplaşdyrylan täze seýilgähiň açylyş dabarasynyň boljakdygyny aýtdy.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmelere
üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.