29.06.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygyny kabul etdi
13.05.2022 123 Habarlar

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomalini kabul etdi.

Myhman ikiçäk söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.