Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk
halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Täjigistanyň
durmuş-ykdysady abadançylygynyň yzygiderli pugtalanýandygyny we halkara gün
tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ornunyň işjeň ýokarlanýandygyny
belledi we türkmen tarapynyň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak
üçin zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly
mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan
saglyk, bagtyýarlyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan
beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.