Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik
Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä Şri-Lanka Demokratik
Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny
we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet
Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anura Kumara Dissanaýakä tüýs
ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Şri-Lankanyň ähli halkyna bolsa
parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.