Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA)
hepdeliginiň çäklerinde ak şäherimiz Aşgabatda geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara
mähirli gutlaglaryny iberdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň bellenilişi ýaly: “Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň
şanly 35 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda geçirilýän ykdysady forum
Türkmenistanyň SPECA agza beýleki döwletler bilen bilelikde sebitde mundan
beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli
tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder. Agza döwletler
SPECA-nyň iş gerimini giňeltmegi, ýagny onuň çägine elektron söwda,
sanlylaşdyrma, «ýaşyl» ösüş, Hazar sebitinde we onuň çäklerinden daşarda
energetika özara baglanyşygy hem-de Ýewraziýa sebitinde ulag baglanyşygy
boýunça taslamalary girizmegi goldaýarlar. Türkmenistan SPECA-nyň 2025-nji
ýyldaky başlygy hökmünde harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýumlaryň we
innowasiýalaryň netijeli sebit bazaryny döretmäge gönükdirilen teklipleri öňe
sürdi”.
Bu
ähmiýetli foruma gatnaşýan myhmanlar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň
umumy ykdysady görkezijileri, maýa goýum strategiýasy, senagat-innowasion
ösüşi, önümçilik ulgamyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we iň täze
tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, Garaşsyzlyk
ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanşarlar.