milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
17 sagat öň 36 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunda okgunly ösýän Türkmenistan bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Seýşeller Respublikasynyň Prezidenti Patrik Ermininiň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Durnukly ösüş, parahatçylyk söýüjilik, özara ynanyşmak ýörelgeleri ýurduň daşary syýasatynyň binýadyny emele getirýär. Söhbetdeşler abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Seýşeller Respublikasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. “Biz geljekde hem ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralary tarapyndan halkara giňişlikde alnyp baryljak işleri utgaşdyrmagy goldarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan ýene bir mesele boldy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda tejribe alyşmak hem-de geljekde syýahatçylygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça seýşeller tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.