Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň
Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap
şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet
Baştutanymyzyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu
ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy. Soňra Arkadagly Gahryman
Serdarymyz welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna
tomaşa etdi. Aýdym-sazly çykyşdan soňra, döwlet Baştutanymyz dikuçarda täze,
döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde uly ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Dabara
gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi, halk köpçüligi bar.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary mähirli
mübärekläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda
giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, täze, döwrebap şäherleriň,
şäherçeleriň we obalaryň, senagat desgalarynyň, önümçilik kärhanalarynyň
yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy hem-de Mary welaýatynyň Ýolöten
etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga
bermek dabarasy mynasybetli hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.
“Biz geljekde hem ýurdumyzyň welaýatlaryny
toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap desgalary gurmak, täze önümçilikleri döretmek
boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris. Biziň esasy
maksadymyz halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan,
bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr” diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda döwrebap, täze
şäherçäniň gurluşygyna badalga berilmegi bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlady.