24-nji
maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan – ABŞ»
işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de «Niсklaus
Сompanies» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar
geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.
Işewürler
döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny beýan edip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident saýlawlaryndaky ynamly
ýeňşi bilen gutladylar hem-de iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdiler. Myhmanlar amerikan işewürleriniň giň möçberli
halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan
bilen soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn
giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.