Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti
Aleksandr Wuçiçe ýurduň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet
Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wuçiçe tüýs
ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Serbiýa Respublikasynyň ähli halkyna
bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.