Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Iki
Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al
Sauda hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler
Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda we ýurduň ähli
doganlyk halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda ýurdumyzyň Saud
Arabystany bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belläp,
Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
derejesine ýokary baha berilýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz iki
ýurduň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine döwletara
dialogyň bar bolan mümkinçilikleriniň doly herekete getiriljekdigine berk ynam
bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp,
Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Ministrler
Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden
berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkyna bolsa
parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. «Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň we külli musulman ymmatynyň
bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyzda medet bersin!» diýip, hormatly Prezidentimiz arzuwlaryny beýan etdi.