milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.02.2024 465 Habarlar

Düýn – 19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça çigitleri taýýarlanylýar. Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.

Şeýle hem häkimler hormatly Prezidentimiziň gyşky möwsümde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.