Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan
işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal
welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça
ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde
geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Pile öndürijiler
bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy
bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da,
gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň
agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de
häkime bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk
ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň
häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi. Häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň
hasyly üçin gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde
tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri
geçirilýär. Pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile
öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň saklanjak ýerlerini
taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde agrotehnikanyň
kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden ýokary hilli hasyl almagyň esasy
şertleriniň biridigini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam
edýän möwsümleýin işlere, hususan-da, gowaça ekişine, bugdaýa, ýazlyk ekinlere
ideg etmek işlerine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan
başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň
ähmiýetine ünsi çekip, häkime sebitde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň
ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi. Bu işleriň çäklerinde häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, welaýatda gowaça
ekişine guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda bu işler agrotehniki
möhletlerde alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň
ekişi dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly, ýokary
hilli geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler ýurdumyzyň oba hojalygynda
ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleri, hususan-da, gowaça ekişini agrotehniki
möhletlerde, guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini
belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Arkadagly
Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň
häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitiň ak ekin meýdanlarynda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Hormatly
Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, welaýatda gowaça ekişine girişilip, ony
guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, sogan
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine
ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek, piläniň
öndürilýän möçberini artdyrmak babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli amal
etmek maksady bilen, welaýatda kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşyldy, ýüpek
gurçugynyň idediljek jaýlary möwsüme doly taýýar edildi. Häzirki wagtda ýüpek
gurçugynyň tohumyny kärendeçilere paýlamaga girişildi. Şeýle-de häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekişden başlap, ideg etmek işlerine çenli oba
hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý
edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw
serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, pudagy durnukly ösdürmäge ýardam
berýändigini belledi we häkime gowaça ekişiniň barşyny, bugdaýa, ýazlyk
ekinlere ideg işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk, bellenen möhletlerde ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek barada-da tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň
häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hasabatda
nygtalyşy ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi esasynda welaýatda gowaça ekişine
guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli geçirmek boýunça
zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle
hem pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň tohumy
bilen üpjün etmek, pile kabul ediş nokatlaryny taýýarlamak boýunça degişli
işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän
agrotehniki çäreleriň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa hem-de ýazlyk
ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini
üpjün etmek üçin toplumlaýyn çäreleriň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda
häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň
çäklerinde welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra oba hojalyk
ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzyň bugdaý
ekilen meýdanlarynda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ak pata
bermegi bilen, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda ýurdumyzda gowaça ekişine
girişilip, bu möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek
üçin zerur çäreler görülýär. Ekişde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň doly
güýjünde netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýeralma, gök-bakja we
beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pile
öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, ýüpek
kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda pile
öndürijiler bilen şertnama baglaşmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp,
ýüpek gurçugynyň tohumyny we idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça
degişli işler dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi we ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak
boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin
ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň
agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, ýazlyk gök-bakja ekinlerine
ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly
taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.