Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Rustam
Minnihanowa saýlawlarda ýeňiş gazanyp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynyň Baştutany wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaglaryny iberdi.
«Ses berlişigiň netijeleri Tatarystanyň ähli halkynyň
Siziň çekýän ýadawsyz zähmetiňize we Size goýýan hormatynyň nyşanydyr» diýip,
döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi we bu möhüm wakanyň Tatarystanyň
mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna
ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa berk
jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk
halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.