Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň
Prezidenti Nikuşor Dana we ýurduň ähli halkyna Rumyniýanyň Milli güni
mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident
Nikuşor Dana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa
parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.