Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan
Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian
Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň ähli halkyna Pakistan Yslam
Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň
arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň
halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris»
diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz yzygiderli
pugtalandyrylýan we kämilleşdirilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini
nygtamak bilen, netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli
ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident
Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs
ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistan Yslam
Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.