Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Siziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda
Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna
berk ynanýaryn. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we
strategik gatnaşyklaryň berkidilmegine Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary
baha berýäris hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine
has-da giňeldiljekdigine ynam bildirýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, alyp barýan döwlet işlerinde täze üstünlikleri, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.