Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II we
ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik
gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz hatynda iki döwletiň arasyndaky
gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga,
Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma
bildirýändigini belledi hem-de onuň geljekde bilelikdäki tagallalaryň
netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam
bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp,
Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň
dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw
etdi.