Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas
Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli
mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet
Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gitanas Nauseda tüýs ýürekden
berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Litwa Respublikasynyň halkyna bolsa
parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.