Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk
Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna we ýurduň
ähli halkyna milli baýram — Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen
güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa
Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutany Kim Çen Yna tüýs ýürekden berk jan
saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de
rowaçlyk arzuw etdi.