Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar
Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny
gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly
Prezidentimize hoşallyk bildirip, Katarda Türkmenistan bilen dostlukly
gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp,
Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň döwlet Baştutanymyza we
Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň doly
ygtyýarly wekili hormatly Prezidentimizi ýakynda Özbegistana amala aşyran
döwlet saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy —
«Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlady.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, Nasser bin Ahmed Al Taherini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi
bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä iň gowy arzuwlaryny
beýan edip, Türkmenistanyň Katar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmäge
möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn
görnüşde hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň
çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belläp,
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryny
ilkinjileriň biri bolup goldaýandygy üçin katar tarapyna tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda
söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli
mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa
goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudagy, saglygy
goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň
hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin
bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň mümkinçiliklerinden has netijeli
peýdalanmagyň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer
ulgamda, türkmen we katar halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek
babatda hem giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Katar Döwletiniň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taheri mähirli
kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky
däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda
tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.