Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi
tassyklanyldy.