Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan
Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI we ýurduň ähli halkyna Ispaniýa Patyşalygynyň
Milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny
iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa
Filipp VI tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ispaniýanyň
halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.