Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşmak
üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet
Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we giň halkara
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän
Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatnaşyklary
ösdürýär. Şunda BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Toplanan baý tejribe bu köpugurly
gatnaşyklary häzirki döwürde hil taýdan täze derejelere çykarmaga mümkinçilik
berýär.
Şu ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň BMG-niň
esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi ýurdumyz üçin, şeýle hem
halkara jemgyýetçiligi üçin çuňňur mana eýedir. BMG tarapyndan resmi taýdan üç
gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurdumyzyň parahatçylyk,
durnuklylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm
bölegi bolup, ýurdumyza dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek
üçin esas bolup hyzmat edýär.