milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
13 sagat öň 18 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň çäginde häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg etmek, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri guramaçylykly ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini we tohumlaryny taýýarlamak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.  

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň wajyp ähmiýetine ünsi çekdi we ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän oba hojalyk işlerinde bellenen kadalaryň berjaý edilmeginiň topragyň hasyllylygyny gorap saklamagyň möhüm şerti bolup durýandygyny aýdyp, häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny nygtap, häkimlere welaýatlarda bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Diýarymyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we gowaça çigitlerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak üçin pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, önümçilige ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleri, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.