Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat
häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde
we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere
garaldy.
Ilki bilen, welaýat häkimleri pagta hasylyny ýygnap
almak, bugdaý ilen meýdanlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gowaçadan
boşan ýerleri geljek ýylyň ekişine taýýarlamak, sebitlerde medeni-durmuş
maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we
bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, dowam edýän gurluşyklary ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini gazanmak boýnça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen
pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm
işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň çäklerinde
gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Lebap welaýatynda
ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, ony talabalaýyk saklamak boýunça
degişli işler alnyp barylýar, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny
ýygnap almak, bu möwsümi talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk
pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň, önümçilikde
agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga
mümkinçilik berýändigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara
ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň wajyp ähmiýetine
ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda pagta hasylyny iň soňky hanasyna
çenli ýygnap almak boýunça zerur işleri geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda
ideg etmek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmegi
tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek ýerleri möwsüme doly taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny
aýdyp, sürüm işlerini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmegi, Lebap
welaýatynda şaly hasylynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýokary
hasylyny almak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Sebitlerde pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji
edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň
geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly
üçin zerur möçberde ot-iýmiň taýýarlanylmagyny üpjün etmek, mallaryň
gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde
saklamak babatda tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine
ünsi çekip, welaýatlardaky binalarda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini
üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi, medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine hemişe
gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.