Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi
T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitiň galla oragyndan
boşan meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär.
Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
degişli ideg işleri geçirilýär. Gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň
ekişi dowam edýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň
talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, geljek ýyl üçin oba hojalyk ekinleriniň
hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň
möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow
welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý
oragyndan boşan meýdanlary hem-de oba hojalyk tehnikalaryny indiki ekiş möwsümine
taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri geçirilýär. Ýurdumyzda azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýeralmanyň we beýleki güýzlük gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny ekişe taýýarlamak babatda
zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk
berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny
aýtdy hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew
welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde
geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla
oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý
tohumlaryny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça
ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk
ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri hem-de güýzlük
gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi utgaşykly alnyp barylýar.
Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu
ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
gowaça ideg etmek hem-de güýzlük oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk
görmek işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny
belledi hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew
sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, geljek ýylyň hasylynyň
düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm,
tekizleýiş we topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp
barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, ekiji gurallary möwsüme
taýýarlamak üçin zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda
öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri
üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýeralmanyň, güýzlük gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Şunuň
bilen bir hatarda, sebitiň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
möwsümleýin işlerde kadalaryň dogry berjaý edilmeginiň bol hasyl almak bilen
bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam
berýändigini belledi we häkime bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda
dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde
geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý oragyndan boşan
meýdanlary sürmek, tekizlemek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri ýerine
ýetirilýär. Ýeralmanyň, güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň
ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýetişdirilen
gök-bakja önümleri içerki bazarlarda elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Şunuň
bilen birlikde, gant şugundyrynyň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin
zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak,
gögeriş alan meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzy
2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
häzirki döwürde diňe ylmy taýdan esaslandyrylan ekerançylygyň oba hojalygynyň
durnukly ösdürilmegini üpjün edýändigini belledi we häkime birnäçe anyk
görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý
hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki
wagtda ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek we tekizlemek, oba hojalyk
tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur
çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny
çyrpmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen
meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny
has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň,
gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda
sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň binýady bolup
durýandygyny, şoňa görä, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, serişdeleri
netijeli peýdalanmak arkaly pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny
belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de
welaýatlaryň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk
geçirilmeginiň, gowaçalaryň hatarara bejergi, ujuny çyrpmak, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýan berijilere garşy göreş
işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen
birlikde, hormatly Prezidentimiz pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji
edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz
wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, welaýatlaryň bugdaý oragyndan boşan
meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde
saklamagy, güýzlük bugdaý ekişinde ulanyljak ekijileri, beýleki tehnikalary
möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy, güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba
hojalyk ekinleriniň ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da,
Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly meýdanlarynda ideg etmek işleriniň
talabalaýyk alnyp barylmagyny gazanmak, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň
ekişine gözegçilik etmek, şu ýyl welaýatlarda açylyp, ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň
barşyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýat häkimlerine
ýüzlenip, howanyň aşa gyzýan günlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň ýerine
ýetirilişini, hususan-da, elektrik togundan, tebigy gazdan we suwdan
peýdalanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.