Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň
oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly
meselelere garaldy.
Ilki bilen, iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň
häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral
dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagta
öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny
taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk
saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýeralma we
gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň
ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak, ekin meýdanlarynyň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş
maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik
energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän
çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin
agrotehniki çäreleriň talabalaýyk berjaý edilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine
guramaçylykly taýýarlyk görülmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime
degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň
häkimlikleriniň Jemagat hojalygy birleşiklerine satyn alyp beren köp sanly
döwrebap awtoulaglary, tehnikalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de
Gahryman Arkadagymyza ähli ýaşaýjylaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi
we “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”
ýylynda ajaýyp sowgat bolan bu tehnikalaryň jemagat hojalygynyň işini döwrüň
talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyny aýtdy.
Soňra wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Gowaça
ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we
çil çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary
hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda
tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, gowaça çigitlerini taýýarlamak hem-de olary
ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça işler alnyp barylýar. Ýazky
ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, talabalaýyk
saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň we gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak
boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk
pudagynyň Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşinde aýratyn orun eýeleýändigini,
onuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny, ekologik abadançylygy üpjün edýän ulgamdygyny
belledi we wise-premýere oba hojalygyny döwrüň talabyna laýyklykda mundan
beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.