Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si
Szinpine we dostlukly ýurduň halkyna Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Täze
ýylyň başlangyjyny alamatlandyrýan bu nurana baýram kalplary parahatçylyk,
ylalaşyk we abadançylyk umydy bilen dolduryp, gadymdan bäri adamlary
ýakynlaşdyryp gelýär” diýip, hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda belleýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky
döwletara gatnaşyklaryň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini
nygtap, iki ýurduň halklarynyň bähbidine bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.
Mümkinçilikden
peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz ýetip gelen at ýylynda Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk,
üstünlik, Hytaý Halk Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk
hem-de rowaçlyk arzuw etdi.