Şu gün Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk
Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Szi Şumini kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly,
diplomat Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan
bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Hytaýda möhüm ähmiýet
berilýändigini belledi. Ol pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy
Si Szinpiniň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine
iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz ilçini mähirli mübärekläp, ýokary diplomatik wezipä
bellenilmegi bilen gutlady hem-de onuň ilçi hökmünde alyp barjak işiniň
dowamynda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmäge we berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna iň gowy
arzuwlaryny beýan edip, HHR-iň Türkmenistan üçin iň möhüm strategik
hyzmatdaşlaryň biridigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda ykdysady ulgamyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri
tutulýan ugurlarynyň biridigi aýdyldy. Ýangyç-energetika pudagy hem iki ýurduň
arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň
çäklerindäki başlangyçlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine itergi
berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.