Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym
Draupadi Murmuwa ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden
gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biz Türkmenistan
bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha
berýäris. Bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine
mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirýäris” diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz
ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa tüýs ýürekden
berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistanyň halkyna bolsa parahatçylyk,
abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.