Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby
edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby
gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk
we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk
we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk
eden harby gullukçylary 2025-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby
edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly.
2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga
çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy
bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza
süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan Türkmenistanyň erkek
raýatlaryny 2025-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrmaly.
3. Şu Perman resmi çap edilen gününden herekete girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 17-nji sentýabry.
***
«Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby
edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby
gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji
ýylyň 17-nji sentýabrynda çykaran 573 belgili Permanyny ýerine ýetirmek maksady
bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda,
goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine,
Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk
gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna «Harby borçlulyk we
harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden
harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly
ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda
tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.