milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti halkara forumlara gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti halkara forumlara gatnaşyjylary gutlady
1 gün öň 40 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ata Watanymyzda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa ornaşdyrmakda, ulag-aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen olara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, häzirki zaman ulag düzümini döretmäge, durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen iri maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan amatly geoykdysady çäkde ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça täze üstaşyr ulag düzümlerini döretmekde uly işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

              Biz dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalaryna daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn özgertmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak, emeli aň we bulut tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär. Alnyp barylýan işleriň çäklerinde öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar, internet ulgamynyň mümkinçilikleri giňeldilýär – diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlagynda bellenilýär.

Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagynda ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň ähmiýeti örän uludygy nygtalýar.