Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz
Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Gyrgyz Respublikasy Siziň öňdengörüjilikli, ynamly
ýolbaşçylygyňyzda döwlet gurluşyny pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik-ykdysady
ösüşde hem-de halkara derejede ýurduň abraýyny has-da belende galdyrmakda uly
üstünlikleri gazanmagyny dowam etdirýär” diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ähli ugurlar
boýunça hyzmatdaşlygyň işjeň we netijeli häsiýetini belläp, ýurtlarymyzyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge Prezident Sadyr Žaparowyň aýratyn
üns berýändigini hem-de şahsy goşandyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly
mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa berk jan saglyk,
bagtyýarlyk, Gyrgyzystanyň halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet
işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.