09.12.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy
15.10.2021 91 Habarlar

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat 14-nji oktýabrda HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady.

«Durnukly ulag, durnukly ösüş» atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.