Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna
Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyzyň hatynda belleýşi ýaly, Gazagystan
garaşsyz ösüş ýyllarynda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde we halkyň
hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly işler bitirdi. Häzirki wagtda goňşy ýurt
dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen, ynamly öňe
barýar. “Siziň ýurduňyza döwlet saparymyň çäklerinde Astana şäherinde geçiren
duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Gepleşiklerdäki açyklygyň we
ynanyşmagyň ýokary derejesi taraplaryň Türkmenistan bilen Gazagystan
Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek
barada üýtgewsiz isleginiň bardygyny görkezdi” diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident
Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde
üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk,
mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.