20-nji
maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan
Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul
etdi.
Duşuşykda
şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän biziň
ýurtlarymyzyň geçen ýyllaryň dowamynda nusgalyk döwletara hyzmatdaşlygyny ýola
goýandygy nygtaldy. Söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen,
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy
bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ulgamlarda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna
ünsi çekdiler.