Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam
Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna Eýran Yslam
Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň goňşy Eýran Yslam
Respublikasy bilen köp asyrlara uzaýan gatnaşyklarynyň bardygyny belläp,
ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara hormat goýmak
ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de
yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp,
Prezident Masud Pezeşkiana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk,
abadançylyk, Eýranyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.