Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen
ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian
bilen duşuşdy.
Döwlet
Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, halkara
çärelere gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar
bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Prezident
Masud Pezeşkian türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin
hoşallyk bildirip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän
halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belledi hem-de
bu çäreleriň döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy
ösdürmäge ýardam berjekdigini aýtdy. Şeýle hem dostlukly ýurduň
Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny
beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda
başlyklyk edýändigini aýdyp, Prezident Masud Pezeşkianyň GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde
gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi hem-de mejlisiň döwletara hyzmatdaşlygy
ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem halkara we sebit gün tertibi boýunça
pikir alyşmak üçin mümkinçilik döredendigini aýtdy.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň
Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmagynyň onuň Hazarýaka sebitde
daşky gurşawy, biodürlüligi goramak we ekologiýa howpsuzlygyny
üpjün etmek ýaly meselelere berýän goldawynyň görkezijisidigini
aýdyp, bu forumyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün
etmek, ekologiýa ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek
boýunça bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamakda möhüm binýat
bolandygyny belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Prezident Masud Pezeşkianyň ýurdumyza saparynyň netijeleriniň
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary
giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi
ýaly, Eýran ýurdumyzyň ýakyn goňşusy, dosty we hyzmatdaşydyr. Türkmen
we eýran halklary uzak döwürleriň dowamynda hoşniýetli gatnaşyklary
saklap gelýärler. Halklarymyzy taryhy, ruhy we medeni umumylyklar
birleşdirýär. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge
ýardam berýär.
Eýran
Yslam Respublikasy Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary
alyp barýan esasy ýurtlaryň biri bolup durýar. Ýangyç-energetika,
ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli we özara
bähbitli gatnaşyklar alnyp barylýar. Soňky ýyllaryň görkezijileri
bu gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Medeni-ynsanperwer,
ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hem hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly şertler bar.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda
ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine
ynam bildirip, bu ugurda ýurdumyzyň tagallalary birleşdirmäge we
anyk işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian iki ýurduň köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege we iki dostlukly ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.