Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy
Mswati III bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp,
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde duşuşmaga we
ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmaga dörän
mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Eswatininiň Patyşasy şu ýylyň awgustynda
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini belledi
hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, bu maslahatyň Türkmenistanda geçirilmegi onuň dünýä
giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalarynyň ykrar
edilýändigine şaýatlyk edýär. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
ýurtlarda gülläp ösüşi üpjün etmek maksady bilen, milli, sebit we ählumumy
derejede hereketleri hem-de integrasion tagallalary utgaşdyrmakda möhüm
ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, Mswati III Türkmenistanyň bu ugurda
eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin
minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç
gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda dünýä ýurtlary bilen
dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny, şunda Afrika ýurtlary bilen
gatnaşyklara-da uly ähmiýet berilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly,
Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola
goýmak hakynda Teswirnama gol çekilmegi wajyp ähmiýete eýe boldy. Munuň özi iki
ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary
ösdürmek üçin möhüm binýat bolup hyzmat eder.
Taraplar iki ýurduň arasynda diplomatik
gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin
berk binýady döretjekdigine, Türkmenistan bilen Eswatininiň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga ýardam berjekdigine,
parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam
bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eswatininiň Patyşasy Mswati III birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.