Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
«Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň
başlygy Said Al Taýeri, şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň
başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul
etdi.
Işewürler bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyklaryny
beýan edip, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen
ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere
beslenýändigini, Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmünde halkara
giňişlikde abraýynyň barha artýandygyny bellediler. Şeýle hem olar Birleşen
Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň,
wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al
Maktumyň hem-de wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş
dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň döwlet Baştutanymyza
hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny
ýetirdiler.
Işewürler amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen
Türkmenistanda iş alyp barmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, netijeli
işlemäge berýän yzygiderli goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman
Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin
minnetdarlyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmanlaryň saparynyň dowamynda
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä
gatnaşjakdyklaryny, ýurdumyzda bu ulgamda alnyp barylýan işler, ýetilen
sepgitler bilen tanyşjakdyklaryny aýtdy hem-de olaryň geçirjek duşuşyklarynyň
nebitgaz pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we
pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar
ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki
halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak we
özara düşünişmek esasynda depginli ösdürilýär.
Häzirki wagtda nebitgaz pudagy ýurdumyzyň iň bir depginli
ösýän pudaklarynyň biridir. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy, esasan-da, ýerli
çig maly ulanmak arkaly, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan,
şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen
baglylykda, «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn
tejribesi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň
durmuşa geçirilýändigini we işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini
belläp, Türkmenistanyň «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon
Oil» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin anyk tekliplere
seretmäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine ynam bildirip, «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon
Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýere we «Dragon Oil» kompaniýasynyň
müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al
Maazmä işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.