milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylary gutlady
12 sagat öň 14 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylary gutlady. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda ösüşiň, berkararlygyň we rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň agzybirligimizi, jebisligimizi hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy wakalary biziň mähriban halkymyzda hem-de Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan eziz doganlarymyzda çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär.