Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz
welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap
Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly açylýan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň hem ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly beýany bolup durýandygy nygtalýar. Bellenilişi ýaly, şäherçede 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, geňeşligiň edara binasy, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, 420 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, saglyk öýi, 500 orunlyk toý mekany, şeýle hem önümçilik maksatly häzirki zaman desgalary guruldy. Bu desgalaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýan türkmen telekeçileri tarapyndan gurulmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.