Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli
halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli
gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz
mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Petr Pawele tüýs ýürekden berk jan saglyk,
bagtyýarlyk, abadançylyk, Çehiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan
beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.