milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16 sagat öň 26 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugäni kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň parahatçylyk, raýdaşlyk we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, BSGG hem-de BMG bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş diplomatiýasyny berkitmek boýunça yzygiderli tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagyny gowşurdy. Şeýle-de ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzy 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi hem-de bu ýylyň Arkalaşygyň giňişliginde “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere we gazanylýan netijelere Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan berilýän ýokary bahanyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hans Klýugäniň Türkmenistana saparynyň dowamynda gatnaşjak «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly okuw maslahatynyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak we pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi. 

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ilatyň saglygyny goramak esasy wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek boýunça netijeli işler ýola goýulýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman saglyk öýleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, Arkadag lukmançylyk klasteri gurulýar.

Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn iýmitlenmek, temmäkä garşy göreşmek boýunça işler hem üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýola goýlan oňyn tejribeden ugur alyp, türkmen tarapynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.