Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Braziliýa
Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli
halkyna Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni
mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp,
Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa tüýs ýürekden berk jan saglyk we
bagtyýarlyk, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk
arzuw etdi.