Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet
Baştutanymyz BMG-niň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen
Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklarynyň öňünde
ýadygärlik surata düşdi.
Döwlet Baştutanymyz Baş sekretary
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs
ýürekden gutlap, Baş Assambleýanyň işiniň mundan beýläk-de ählumumy
parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny
ilerletmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz şu ýyl dünýäde iň abraýly guramalaryň biri bolan Birleşen
Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýändigini
aýdyp, bu şanly sene mynasybetli Antoniu Guterrişi we guramanyň
ýöriteleşdirilen düzümleriniň ähli işgärlerini tüýs ýürekden gutlady hem-de
pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň BMG-niň Baş sekretaryna
iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Antoniu Guterriş Gahryman
Arkadagymyza salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, şu gezekki duşuşyga
Türkmenistanyň BMG bilen möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygynyň özboluşly
dowamy hökmünde garaýandygyny aýtdy hem-de sebit we ählumumy meseleleriň oňyn
çözgüdine ýurdumyzyň goşýan goşandyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz geçen 80
ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bütin dünýäde
parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça ägirt uly
işleriň amala aşyrylandygyny aýdyp, bu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanyň
Milletler Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge
ygrarlydygyny tassyklady. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar
edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň
syýasaty alyp barýar, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak
ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary dowam etdirýär. «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny muňa
aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar.
Antoniu Guterriş bu maslahatyň
ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirip, forumyň we
onuň dowamynda kabul edilen resminamalaryň BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletleriň meselelerini çözmek boýunça alyp barýan işinde täze
tapgyry açandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Awaza syýasy
Jarnamasynyň we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli durmuşa
geçirilmegini gazanmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy
ýaly, ýurdumyz sebitiň döwletleri bilen ählumumy parahatçylygyň, Durnukly ösüş
maksatlaryny gazanmagyň bähbidine hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyr. BMG-niň
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan
soňky ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek babatda netijeli işler
alnyp baryldy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri döredildi we anyk işler durmuşa
geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG
tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan
edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy
bilen gabat gelýändigini aýtdy we Antoniu Guterrişi şu ýylyň 12-nji dekabrynda
Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
BMG-niň Baş sekretary çakylyk
üçin hoşallyk bildirip, baý taryhy we özboluşly medeni mirasy bolan Bitarap
Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de dünýä giňişliginde parahatçylyk
taglymlaryny ilerletmekde möhüm ornuny belledi.
Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy
hökmünde netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat
edinýändigini tassyklap, ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy
ösdürmäge goşýan goşandy üçin Baş sekretara tüýs ýürekden minnetdarlyk
bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu
Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň
ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.